BSGG: 2022-nji ýylda dünýäde koronawirusa garşy sanjymy üpjün etmek üçin $45 mlrd gerek bolar

  • 08.05.2021 14:28
  • 12k+

Dünýäniň uly ýaşly ilatynyň köp bölegini koronawirusa garşy sanjym bilen üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda, takmynan, 45 milliard dollar gerek bolar diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus duşenbe güni geçirilen brifingde aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

“Biziň hasaplamalarymyz boýunça, geljek ýyl dünýäniň uly ýaşly adamlarynyň köpüsine sanjym etmek üçin goşmaça 35-45 milliard dollar gerek bolar” – diýip, ol belledi.

Baş direktor sanjymlaryň bardygyna garamazdan, soňky iki hepdede pandemiýanyň ilkinji alty aýyna garanda has köp COVID-19 hadysasynyň hasaba alnandygyny sözüniň üstüne goşdy. Geçen hepdede hasaba alnan kesel ýagdaýlarynyň ýarysyndan gowragy Hindistanyň we Braziliýanyň paýyna düşýär. Populýasion immuniteti gazanmak üçin dünýäniň uly ýaşly ilatynyň köp bölegine sanjym etmeli, munuň üçin bolsa sanjymlaryň önümçiligini ýokarlandyrmaly.
Hut şol sebäpli BSGG COVID-19-a garşy derman serişdelerine we öňüni alyş serişdelerine elýeterliligi üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen ACT-Accelerator maksatnamasy üçin maliýe serişdelerini köpeltmäge çagyrýar. Häzirki wagtda bu maksatnama 19 mlrd dollar serişde gerek.
Belläp geçsek, ACT-Accelerator adyny alan halkara hyzmatdaşlyk BSGG, Ýewropa bileleşigi, Fransiýa we haýyr-sahawatçylar Bill bilen Melinda Geýts tarapyndan 2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde resmi taýdan ýola goýuldy.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......