Beýik Britaniýanyň Şa zenanynyň Bentley-si tas 180 müň funt sterlinge satyldy

  • 07.05.2021 16:49
  • 15k+

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II-niň eýeçiligindäki Bentley Mulsanne awtomobili Angliýada 179,9 müň funt sterlinge satyldy. Ony agzalan baha daşary ýurtly kolleksioner satyn aldy. Bu barada Day.Az habar berýär.

Hut şu sedanda Ýelizaweta II 2012-nji ýylda Beýik Britaniýanyň şol wagtky premýer-ministri Dewid Kemeronyň rezidensiýasyna geldi. Şonda ministrler kabineti şa aýalyny ilkinji gezek hökümet mejlisine çagyrdy. Bu onuň patyşalygynyň brilliant ýubileýine, ýagny tagta çykmagynyň 60 ýyllygyna sowgat boldy.
6,7 litr göwrümli sekiz silindrli hereketlendirijisi bolan goýy ýaşyl awtomobil Onuň Alyhezretleriniň zerurlyklary üçin ýörite çykaryldy. Ol iki ýyl ulanyldy, netijede onuň geçen ýoly 5 952 mil (9 578 kilometr) boldy. Iki ýyldan soň sowut goragy bilen üpjün edilmedik awtoulag Bentley zawodyna gaýtaryldy. Ondan käbir enjamlar aýryldy.
Deňeşdirmek üçin bellesek, Beýik Britaniýada 2013-2014-nji ýyllaryň Bentley Mulsanne awtomobiliniň bahasy 65 müňden 77 müň funt sterlinge çenlidir.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....