Şotlandiýada ýaşy 1 mlrd ýyl bolan köp öýjükli organizm tapyldy

  • 06.05.2021 18:33
  • 15k+

Şotlandiýada alymlar ozalky tapylanlardan has irki bolup biljek köp öýjükli haýwanyň daşa öwrülen galyndysyny tapdylar diýip, news-r.ru habar berýär. Tapylan galyndy özünde iki görnüşli öýjügi saklaýar. Aslynda, ilkinji köp öýjükli organizm 800 million ýyl ozal ýüze çykypdyr diýlip hasaplanýardy, emma bu organizmiň ýaşy, takmynan, 1 milliard ýyla barabar.

- Bu açyş bir öýjüklilerden köp öýjükli organizmlere geçiş prosesi barada maglumat berip biler  - diýip, Beýik Britaniýanyň Şeffild uniwersitetinden Çarlz Wellman gürrüň berýär.

Alymlar Ýerdäki ýaşaýyş birneme çalt ýüze çykdy, ýöne uzak wagtlap planetamyzda diňe bir öýjükli organizmler ýaşady diýip hasaplaýarlar. Ýöne ýakynda tapylan daşa öwrülen jandaryň ýaşy bir milliard ýyl diýlip bellenýär, bu bolsa köp öýjükli jandarlaryň dörän “resmi” senesinden birnäçe ýüz million ýyl irdir.
Bu galyndy alymlaryň Bicellum Brasieri diýip atlandyran sferik organizmine degişli. “Bu täze daşa öwrülen galyndynyň tapylmagy bize köp öýjükli haýwanlaryň ewolýusiýasynyň azyndan bir milliard ýyl ozal bolup geçendigini we haýwanlaryň ewolýusiýasyna alyp baran wakalaryň ummanda däl-de, köller ýaly süýji suwlarda bolup bilendigini çaklamaga mümkinçilik berýär” – diýip, Çarlz Wellman belleýär.
Alymlar Bicellum Brasieri-ni “ýetmeýän bölek” diýip atlandyrýarlar, sebäbi ol köp öýjükli bilen bir öýjükli ýaşaýyş görnüşleriniň arasynda bolan ýaşaýyş ösüşindäki boşlugy doldurýar. Bu geçiş döwri “kembriý partlamasy” diýlip atlandyrylýar. Çünki, bu döwürde gurluşy hemişe çylşyrymlaşýan Ýer ýüzünde köp sanly täze organizmler peýda boldy.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......