Saglygy goraýyş ministrligi Awazada we şypahalarda dynç alşy guramagyň tertibini mälim etdi

  • 06.05.2021 13:54
  • 27k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň hem-de Türkmenistanyň şypahanalarynda raýatlaryň saglygyny dikeltmek işlerini guramagyň wagtlaýyn tertibini neşir etdi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibi

1. Dynç almaga gitmek üçin degişli lukmançylyk barlagyndan geçip, saglyk kepilnamasyny almaly. Lukmançylyk barlagyndan geçilýärkä, şeýle hem gidilende we gaýdylanda, 72 sagadyň dowamynda COVID-19-yň test barlagyndan geçmeli. Ýaşy 18-den ýokary raýatlar gitmezinden 10 gün öň ýollanma hatlaryny alandan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjymy almalydyr.

2. «Awaza» şypahanasynda bejergi almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň, raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berlen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, COVID-19-a garşy sanjym alandygy barada kepilnamasynyň hem-de aýratyn görkezmä çenli gidilende we gaýdylanda, COVID-19-yň test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň bolmagy hökmandyr.

Türkmenistanyň şypahanalarynda raýatlaryň saglygyny dikeltmek işlerini guramagyň tertibi

3. Şypahanalarda bejergi almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň, raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berilýän, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, aýratyn görkezmä çenli gidilende we gaýdylanda, COVID-19-yň test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň bolmagy hökmandyr.

düýn 07:29
2.5k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......