Aşgabatda 2 sany täze awtobus gatnaw ugry açyldy

  • 06.05.2021 10:54
  • 28k+

Ilatyň awtobus gatnawlaryna isleglerini kanagatlandyrmak, ýolagçylar üçin ýokary hilli we medeni hyzmatlary hödürlemek maksady bilen, "Türkmenawtoulaglary" agentligi №54 (Teke bazary - "Arkadag" myhmanhanasy) we №70 (Parahat - D.Azady metjidi) belgili iki sany täze awtobus ugruny açdy.

54-nji ugur boýunça awtobus "Teke bazary" belleniş nokadyndan hereket edip başlaýar we soňra M.Kaşgarly - D.Azady köç. - A.Nyýazow şaýoly - Görogly köç. - A.Nawoýy köç. - Bitarap Türkmenistan şaýoly - Çandybil şaýoly - günbatara Bekrewe şaýoluna tarap öwrülýär. Yzyna awtobus Arçabil şaýoly - Bitarap Türkmenistan şaýoly - A.Nyýazow şaýoly - M.Kösäýew köç. - A.Gowşudow köç. - "Teke bazary" belleniş nokadyna gelýär.

70-nji ugur boýunça awtobus "Parahat" belleniş nokadyndan hereket edip başlaýar, A.Garlyýew köç. - 10 ýyl Abadançylyk köç. - N.Andalyp köç. - Hoja Ahmet Ýasawy köç. - Arçabil şaýoly - Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binasynyň ýanynda öwrülip, yzyna Ankara köç. - 10 ýyl Abadançylyk köç. - A.Garlyýew köç. we "Parahat" belleniş nokadyna gelýär.

Awtobus gatnaw ugurlarynyň ählisiniň tertibi bilen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi web sahypasyndan tanşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312443390, +99312443391.

şu gün 17:11
641

Rimde iňlis dilinde ýazylan VII asyra degişli iň gadymy goşgynyň nusgasy tapyldy

Rim şäheriniň Milli merkezi kitaphanasynda VII asyrda döredilen we iňlis dilinde şu güne çenli saklanyp galan iň gadymy şygyr bolan «Kedmonyň senasynyň» ozal näbelli bolan golýazmasy tapyldy. «The Guardian»......

şu gün 15:54
1.8k+

Dubaýda 9,25 milliard dollarlyk «Altyn liniýa» gurulýar: metro ulgamy 25% giňeler

Dubaýda bahasy 9,25 milliard dollara barabar bolan metronyň täze «altyn liniýasynyň» gurluşygy yglan edildi. Bu taslama barada emirligiň häkimi şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum habar berdi....

şu gün 15:06
714

Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar....

şu gün 14:47
745

Lihtenşteýniň «Howsalaly gyzy» 30 ýyldan soň täzeden köpe çykarylýar

Geljek aý Nýu-Ýorkda geçiriljek «Christie's» auksionynda Roý Lihtenşteýniň meşhur «Howsalaly gyz» («Тревожная девушка») atly eseri satuwa çykarylar we onuň bahasynyň 60 million dollara çenli ýetmegine......