BMG: Covid-19 pandemiýasy infodemiýa bilen utgaşdy

  • 03.05.2021 19:05
  • 17k+

Birleşen Milletler Guramasy dezinformasiýa (ýalňyş maglumatyň ýaýradylmagy) we duşmançylykly sözlere garşy göreşi güýçlendirmäge çagyrýar. Ol koronawirus pandemiýasy döwründe has hem ýitileşdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Bütindünýä metbugat azatlygy gününiň öňüsyrasynda ygtybarly maglumata elýeterliligiň ýaşaýyş we ölüm meselesine öwrülendigini aýtdy. Bu barada www.tvr.by habar berýär.

«Geçen ýylyň wakalary ygtybarly maglumatlara elýeterliligiň esasy adam hukuklaryndan has ýokarydygyny ýatlatdy. Maglumat ýaşaýyş we ölüm meselesi bolup biler. COVID-19 pandemiýasy bir wagtyň özünde aşa uly infodemiýa bilen utgaşdy. Nädogry maglumatlar we duşmançylykly sözler ýaýramak bilen, tutuş dünýäde millionlarça adamyň saglygyny howp astyna goýýar, sanjymlara we ylma bolan ynamy ýitirýär hem-de jemgyýet bilen ýurduň arasyny bölýär» — diýip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş belledi.

BMG adamlaryň sosial ulgamlardan, köplenç, ygtybarsyz maglumatlary alýan häzirki gününde žurnalistikanyň öňküsinden has möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belleýär. Sebäbi ýaýradylan ýalanlar faktlaryň ornuny çalşanda, hakykat kölegede galýar. Netijede, biz ynamymyzy ýitirýäris.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......