Balyk ýagy uzak ýaşamaga kömek edýär

  • 01.05.2021 12:26
  • 20k+

Alymlar adam ganyndaky omega-3 kislotalarynyň derejesiniň ölüm howpy bilen baglanyşygyny öwrendiler. Netijede, balyklardan we deňiz önümlerinden alynýan bu ýag kislotalarynyň ýokary derejesiniň ölüm howpuny 15-18% peseldýändigi anyklanyldy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, balyk ýagy omega-3 ýarym doýgun ýag kislotalaryny hem öz içine alýar. Alymlar 42,466 adamyň maglumatlary esasynda bu ýag kislotalarynyň bedendäki derejesini öwrendiler. Bu adamlaryň hiç birinde hem çynlakaý hroniki keseller ýokdy we olaryň hiç biri-de goşmaça omega-3 toplumlaryny kabul etmediler.
Barlagyň dowam eden 16 ýylynyň içinde gatnaşyjylaryň 37%-i aradan çykdy. Alymlar gandaky omega-3 kislotalarynyň derejesi ýokary bolanda, ölüm howpunyň 15-18% peselýändigini gördüler.
Şeýle-de bolsa, aşa köp balyk iýmegiň hökman däldigi bellenilýär. Oňa derek düzüminde omega-3 kislotalary bolan dermanlary kabul etmek ýeterlikdir.

şu gün 07:29
2.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......