Pandemiýa döwründe iň howpsuz ýurtlaryň sanawy düzüldi

  • 01.05.2021 12:06
  • 42k+

Singapur koronawirus pandemiýasy döwründe iň howpsuz ýurtlaryň sanawynda Täze Zelandiýadan öňe geçdi. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Munuň sebäbi ilatyň ýokary sanjym alyş depgini we ýurduň içinde koronawirusyň ýaýramagyna garşy netijeli göreşmek boldy.
Bloomberg agentligi tarapyndan 2020-nji ýylyň noýabr aýynda düzülen reýtingde Täze Zelandiýa birinji orny eýeläpdi. Ýöne, koronawirusa garşy milli sanjym kampaniýalary başlansoň, ol sanawyň birinji ornuny ilatynyň tas 20%-i sanjym alan Singapura berdi.
Reýtingde ýurduň ornuny hasaplamak üçin kesellänleriň umumy sany, ölüm görkezijisi, barlagdan geçen adamlaryň sany we sanjym derejesi baradaky maglumatlar esasy görkezijiler boldy. Singapur 79,7 bal, Täze Zelandiýa bolsa 79,6 bal gazandy. Liderleriň hataryna Awstraliýa (76,2 bal) we Ysraýyl (74,9 bal) hem girdi, olar degişlilikde, üçünji we dördünji orunlary eýelediler.
Reýtingde Russiýa (60,9 bal), Portugaliýa we Ispaniýa (ikisinde-de 59,7 bal), Irlandiýa (57,7), Germaniýa (54,9 bal) we Awstriýa (54,2) ýaly döwletler hem bar. Dünýäniň 53 döwletini öz içine alýan reýtingi Argentina (41,4 bal), Polşa (40,6 bal) we Braziliýa (39,1 bal) jemleýär.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......