Türkmen wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

  • 30.04.2021 18:56
  • 24k+

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşýar we Kazanda Tatarystan Respublikasynyň resmi wekilleri bilen duşuşyklary geçirýär diýip, euraspravda.ru portaly habar berýär.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow, şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri girdi.
29-30-njy aprelde Serdar Berdimuhamedow Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň dar düzümdäki we giňişleýin düzümlerdäki mejlislerine myhman hökmünde gatnaşdy. Mejlise şeýle hem RF-niň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň premýer-ministrleri we Ermenistanyň hökümet baştutanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi gatnaşdy.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Geňeşiň mejlisiniň barşynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan Ýewraziýa ykdysady bileleşigi bilen birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlyk edip biler. Ilkinji nobatda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikler bar diýip, S.Berdimuhamedow belledi.

30-njy aprelde türkmen wekiliýeti Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary — oba hojalyk we azyk ministri Marat Zýabbarow bilen duşuşdy. Onuň barşynda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda özara haryt dolanyşygyny artdyrmagyň meseleleri, şeýle hem oba hojalyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

düýn 15:48
3.9k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......