Nagelsman iň gymmat tälimçi boldy. «Bawariýa» onuň üçin rekord töleg eder

  • 28.04.2021 19:35
  • 11k+

Häzirki möwsüm tamamlanandan soň, dünýäniň iň geljegi uly tälimçilerinden biri Ýulian Nagelsman Germaniýanyň iň köp titully kluby bolan mýunhenli "Bawariýa" ýolbaşçylyk eder. Bu barada RBC habar gullugy habar berýär.

Nagelsman ýaňy bir 33 ýaşynda bolsa-da, eýýäm tejribeli hünärmen hasaplanýar. Ol özüniň tälimçilik karýerasyna 2008-nji ýylda başlapdy. Baş tälimçi wezipesine bolsa ol 2016-njy ýylda girişdi. Şonda ol "Hoffenhaým"-e tälimçilige bellenipdi we Bundesliganyň taryhynda iň ýaş baş tälimçi bolupdy. Şol wagt Nagelsmann 28 ýaşyndady we  2016-njy ýylyň jemleri boýunça çempionatyň iň gowy tälimçisi diýen ada eýe boldy.
2018-nji ýylda ol "Leýpsig"-e geçdi. Ýeri gelende bellesek, "Leýpsig" ýaş tälimçini almak üçin "Hoffenhaým"-a 5 million ýewro tölemeli boldy. Munuň özi nemes futboly üçin görlüp-eşidilmedik zatdy. Nagelsman bahasyny ödedi we topary Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykardy. Bu bolsa klub üçin ýewrokuboklarda iň gowy netijedir.
"Bild"-iň maglumatlaryna görä, "Leýpsig" bonuslar bilen bilelikde "Bawariýadan" 25 million ýewro çenli öwez tölegini alar. Bu hem futbol standartlary boýunça rekord mukdar hasaplanýar.
Ozal hiç bir klub tälimçi üçin hatda 25 milliona ýewro golaý hem pul töläp görmedi. Nagelsmandan soň iň gymmat bäş tälimçiniň sanawy şulardan ybarat:

5. Mark Hýuz (Uels), 6,3 million ýewro;
4. Žoze Mourinýo (Portugaliýa), 8 million ýewro;
3. Ruben Amorim (Portugaliýa), 10 million ýewro;
2. Brendan Rojers (Demirgazyk Irlandiýa), 10,5 million ýewro;
1. Andre Willaş-Boaş (Portugaliýa), 15 million ýewro.

şu gün 11:51
899

Audi 1001 at güýjündäki Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi: brendiň taryhyndaky iň güýçli ulag

Audi 1001 at güýjüne eýe bolan Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi. Bu brendiň taryhyndaky iň güýçli we iň çalt önümçilik modelidir....

şu gün 11:31
652

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.8k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....