Türkmenistan pandemiýa garamazdan elektrik energiýasynyň eksportyny iki esse artdyrdy

  • 28.04.2021 11:44
  • 15k+

2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksportyny, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,1 esse artdyrdy. Bu barada Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, ORIENT habar berdi.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly halkara söwdanyň çäklendirilmegi Tükmenistanyň elektrik energiýasynyň eksportynyň yzygiderli ösmegine zyýan ýetirmedi. Eksportyň ýokarlanmagyna itergi beren işleriň biri — şu ýylyň ýanwar aýynda 500 kW kuwwatlylygy bolan Kerki - Şibirgan ugry boýunça türkmen-owgan elektrik geçiriji liniýasynyň işe girizilmegi boldy.
2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi içerki sarp ediş üçin elektrik energiýasynyň önümçiligini 6%, daşarky bazar üçin bolsa 12,9% ýokarlandyrdy.
Ýokary statistiki görkezijileri saklap galmak bilen, Energetika ministrligi möhüm maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Olaryň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) elektrik geçiriji ulgamy, ýurduň "Ahal-Balkan" we "Balkan-Daşoguz" ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, şeýle hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 432 MWt kuwwaty bolan gaz turbinaly elektrik bekedi bar.
Ýokarda agzalan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen elektrik energiýasy pudagynyň ösüşinde öňegidişligiň gazanylandygyny görkezýär. Bu bolsa Türkmenistanda we Aziýada energiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant bolar.

düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
746

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 23:57
1.4k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......