Çempionlar ligasynyň ýarym finaly: «Real» «Çelsi» bilen birinji duşuşykda deňme-deň oýnady

  • 28.04.2021 11:32
  • 9.5k+

Çempionlar ligasynyň Ispaniýanyň «Real» hem-de Angliýanyň «Çelsi» klublarynyň arasyndaky ilkinji ýarym final duşuşygy deňme-deňlikde tamamlandy - 1:1. Duşuşyk Madridde «Estadio Alfredo Di Stefano» arenasynda geçirildi.

Hasaby ilki bolup «Çelsiniň» futbolçysy Kristian Pulişiç (14) açdy, «Realdan» Karim Benzema hasaby deňledi (29-njy minut).
«Real» 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda çykyş edýär. 2016-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli häzirki baş tälimçi Zinedin Zidanyň ýolbaşçylygynda klub yzly-yzyna üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy. Ondan öň hiç bir klub yzly-yzyna iki gezek hem bu netijäni gazanyp bilmändi. Mundan başga-da, «Real» Çempionlar ligasynyň/Ýewropa çempionlarynyň kubogynyň iň köp çempiony diýen rekordy eýeleýär (13).
«Çelsi» 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynda 1/8 finalyndan soňky tapgyra çykmagy başardy. Londonlylar bu ýaryşda bir gezek - 2012-nji ýylda ýeňiji boldular.
Ozal klublar öz aralarynda bäş gezek duşuşyp, iki gezekden ýeňiş gazandylar. Şol bir wagtyň özünde klublar Çempionlar ligasynda hiç haçan duşuşmadylar. Ýewropa kubok ýaryşlarynda iň soňky duşuşyk 1998-nji ýyla degişlidir. Şonda «Çelsi» UEFA Super kubogynda 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy.
Bu klublaryň arasyndaky jogap ýarym final duşuşygy 5-nji maýda Londonda geçiriler. Beýleki ýarym finalda fransuz «PSŽ-si» iňlisleriň «Mançester Siti» kluby  bilen oýnar. Ilkinji oýun 29-njy aprele geçilýän gije Parižde bolar.

şu gün 11:51
1.3k+

Audi 1001 at güýjündäki Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi: brendiň taryhyndaky iň güýçli ulag

Audi 1001 at güýjüne eýe bolan Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi. Bu brendiň taryhyndaky iň güýçli we iň çalt önümçilik modelidir....

şu gün 11:31
1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

şu gün 10:24
2.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.1k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....