Horlanmaga päsgel bermeýän peýdaly süýjülikler

  • 27.04.2021 10:56
  • 15k+

Lukman Swetlana Titowa horlanmak üçin özüňizi süýjüliklerden bütinleý çäklendirmegiň hökman däldigini aýtdy. Ol horlanýan döwrüň hem iýip boljak peýdaly süýjülikleri sanap geçdi diýip, msn.com habar berdi.

“Mysal üçin, pastila (guradylan miwedir ir-iýmişleriň garyndysyndan taýýarlanan süýjülik) - peýdaly desert. Ony öýde bişiribem bolýar, dükandan satyn alybam bolýar. Şol bir wagtyň özünde, adaty ak däl-de, gara reňkli pastila has gowudyr - bu miweleriň we ir-iýmişleriň tebigy pastilasydyr"-diýip, lukman "Radio-1"-iň ýaýlymynda gürrüň berdi.

Hünärmen gury iýmişleri hem peýdaly süýjülikleriň sanawyna goşdy. Olaryň kömegi bilen, bedeni peýdaly maddalar bilen dok saklap, nähilidir bir zyýanly bir zat iýmek isleginden dynyp bilersiňiz. Şokolad hem peýdaly bolup biler, ýöne bir şert bilen - içindäki kakao dänesiniň düzümi 70%-den az bolmaly däl. Lukman beýleki zatlaryň arasynda žele desertleriniň we balyň hem peýdalydygyna ünsi çekdi.

düýn 12:06
8k+

Semizlik ösen ýurtlarda azaldy, garyp ýurtlarda bolsa artdy. Sebäbi?

Dünýäniň 200 sany ýurdunda geçirilen täze barlag baý we ösen döwletlerde semizligiň azalandygyny, emma garyp hem-de ösüp barýan ýurtlarda bolsa bu görkezijiniň tersine, örän çalt artýandygyny ýüze çykardy....

18.05.2026 14:46
4.6k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
6.2k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.9k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......