“Polaroid” kompaniýasy dünýädäki iň kiçi kamerany tanyşdyrdy

  • 25.04.2021 20:07
  • 6.9k+

“Polaroid” kompaniýasy dünýäniň “Polaroid Go” diýlip atlandyrylýan iň kiçi kamerasyny tanyşdyrdy. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Enjam suraty dessine çap etmäge ukyply bolup, onuň ölçegleri jübi enjamlarynyň niýetlenilişine laýyklykda, 104x84x61 millimetre barabardyr.
“Polaroid Go” enjamynda 67x54 millimetrlik kiçeldilen kartrij ýerleşdirilen. Kamera LED uçguny (wspyşka - red.), taýmer we selfi üçin niýetlenen kiçijik aýnajyk bilen enjamlaşdyrylandyr.
“Polaroid Go”-yň agramy bary-ýogy 250 gram bolup, onda 750 mAh akkumulýator ulanylýar. Munuň özi 15 surata düşmek we çap etmek üçin ýeterlikdir diýip, çeşme belleýär.
Şeýle hem kamera hersi 16 surat üçin niýetlenen “Film Double Pack” kartrijleriniň iki toplumyny öz içine alýar.

03.06.2026 23:06
842

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....

03.06.2026 10:42
870

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....

03.06.2026 00:06
2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

02.06.2026 17:40
5.9k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....