Berhiz lukmany pyrtykaly dogry iýmegiň usulyny aýtdy

  • 25.04.2021 18:51
  • 9.6k+

Pyrtykalyň peýdasynyň onuň nädip iýilýändigine baglydygy ýüze çykaryldy. Berhiz lukmany Olga Perewalowa bu miwäni nädip dogry iýmelidigini aýtdy.

Hünärmen bu barada Sputnik radiosynyň efirinde gürrüň berdi. Ol pyrtykalyň immunitet ulgamyny berkitmäge kömek edýändigini, şeýle hem gan damarlarynyň işine, deriniň daşky görnüşine we göreje oňyn täsir edýändigini aýtdy. Lukmanyň aýtmagyna görä, bir uly pyrtykal witaminiň iki günlük paýyny özünde jemleýär.
Pyrtykalyň has peýdaly täsir etmegi üçin lukman ony böleklere bölmezden ýa-da şiresini almazdan, bitinligine iýmegi maslahat berdi.

"Kesmek - C witaminiň demir bilen, pyçak bilen gatnaşyga girmesidir. Ýagny C witamini okislenýär we biz onuň bir bölegini ýitirýäris" diýip, Perewalowa aýtdy. Mundan başga-da, lukman ony gabygy bilen birlikde iýmegiň hem peýdalydygyny belledi.

şu gün 07:29
2.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......