Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ada eýe boldy

  • 22.04.2021 12:50
  • 40k+

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp kabul edildi.

şu gün 12:17
1.1k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

şu gün 12:01
3.4k+

Gimalaýda täze howply ýyrtyjy — möjek bilen itiň gibridi peýda boldy

Alymlar Gimalaýda täze bir ýyrtyjynyň — Gimalaý möjegi bilen sergezdan itiň gibridiniň (gatyşygynyň) peýda bolandygyny habar berdi....

şu gün 07:36
2.1k+

«Collider» HBO-nyň soňky on ýylda çykan iň gowy 12 serialynyň reýtingini düzdi

«Collider» neşiri HBO-nyň soňky on ýylyň dowamynda çykarylan iň gowy 12 serialynyň reýtingini hödürledi. Sanawyň birinji ornuny «Çernobyl» mini-serialy eýeledi....

şu gün 07:19
3.8k+

Gazagystanyň günbataryndaky obada 30 metrlik Eýfel diňi gurlar

Günbatar Gazagystan welaýatynyň Žalpaktal obasynda Eýfel diňiniň 30 metrlik göçürme nusgasy gurlar. Bu taslamany öňe sürenler ýerli mekdebiň uçurymlary boldy, olar okuwy tamamlamagynyň ýubileý senesine......