Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi açyldy

  • 21.04.2021 22:09
  • 12k+

21-nji aprelde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bir günde – aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçirilýär. Baýramçylyk dabarasynyň öňüsyrasynda geçirilen bu çäreler milli gymmatlyklarymyza goýulýan uly hormaty aýdyň görkezýär. Dabara gatnaşyjylar Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde atşynaslarymyz we itşynaslarymyz üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Giň otaglarda ýerleşdirilen muzeýde adamzat taryhy bilen ýaşytdaş tarypa eýe bolan ahalteke bedewlerimiziň, wepalylygyň nyşany hökmünde tanalýan alabaý itlerimiziň heýkelleri, çekilen hem-de düşürilen suratlary orun alypdyr. Ýene bir giňiş otagda kitaplaryň sergisi gurnalypdyr. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerimiz hem-de alabaý itlerimize bagyşlap ýazan ylmy-edebi eserleri bilen birlikde, okyjylary gyzyklandyrýan beýleki eserleriň, neşir önümleriniň hem birnäçesi bar. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem döwrebap derejede ýola goýlupdyr.
Soňra Merkeziň mejlisler zalynda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gün tertibinde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň tertipnamasyna üýtgetmeleri girizmek, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy tarapyndan gurnalýan halkara bäsleşiginiň ýeňijisine gowşuryljak “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medalyny döretmek; Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryny we itşynaslaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak; Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna täze agzalary kabul etmek hem-de nobatdaky mejlisiniň geçiriljek ýerini we wagtyny kesgitlemek barada Çözgütlere gol çekmek, şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy tarapyndan guralýan halkara bäsleşiginiň ýeňijisine gowşuryljak “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medalyny döretmegi teklip etmek ýaly meseleler maslahatlaşyldy.

düýn 15:15
1.1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.8k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.2k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......