Türkmenistanda demir ýol peteklerini onlaýn satyn almak ýene-de ýola goýuldy

  • 20.04.2021 14:08
  • 35k+

Türkmenistanda demir ýol peteklerini onlaýn satyn almak hyzmaty gaýtadan ýola goýuldy.
Munuň üçin railway.gov.tm internet saýtyndan, şeýle hem Android we iOS üçin niýetlenen ykjam programmalardan peýdalanyp bolýar. «Play Market-de» ýerleşdirilen Android ulgamda işleýän ykjam enjamlar üçin niýetlenen programmanyň iň soňky wersiýasyny almaly, sebäbi diňe iň soňky wersiýada COVID-19 üçin geçirilen negatiw synagyň şahadatnama belgisini girizip bolýar.

Ýolagçy başga bir welaýatdan öz sebitine gitmeli bolsa, şahadatnama belgisini soraýan bölüm indi peýda bolmaz. Ýolagçynyň haýsy welaýata degişlidigi onuň pasport belgisi (I-AS, I-BN, I-LB we ş.m.) bilen kesgitlener. iOS ulgamy üçin hem şuňa meňzeş täzelenme işlenip düzülýär.
Petekleri onlaýn satyn almak üçin pasport maglumatlary, “Altyn Asyr” bank karty, (“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň we Daşary ykdysady iş bankynyň kartlaryny ulanmak arkaly), CVC kart kody we COVID-19 üçin negatiw synag şahadatnamasynyň belgisi gerek. Petek Android we iOS ykjam programmalary arkaly satyn alnanda, onuň bir nusgasy programmanyň özünde saklanýar we elektron salgysyna iberilýär. Eger-de petek web saýtdan satyn alynsa, tölegden soň petegiň özüni PDF görnüşinde göçürip almak üçin görkeziler we elektron salgysyna iberiler.
Ýolagçylar otla münenlerinde, ýolbelede peteklerini ykjam enjamlarynda ýa-da printerde çap etdirmek arkaly görkezip bilerler. Eger-de käbir sebäplere görä, ýolagçy petegini çap etdirip ýa-da ykjam enjamynda görkezip bilmese, ýolbelet skaner ulanmak arkaly ýolagçynyň oturjak ýerini kesgitläp biler.
Bu ulgam ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we etraplarda işleýär. Hyzmaty ulanmak üçin internete girmek ýeterlikdir.
Petekleri otlynyň gidýän gününden 5 gün öň satyn alyp bolýar.
1-nji maýa çenli Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenabat we Aşgabat — Daşoguz — Aşgabat gatnawlarynyň SV bölümine petek satyn almak mümkin bolar.
Mary — Serhetabat — Mary we Amyderýa — Gazojak — Amyderýa gatnawlary üçin plaskart wagonlara petek satyn alyp bolar.
Otly gatnawynyň häzirki rejesi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
Has giňişleýin maglumat üçin ýolagçylara hyzmat ediş merkezine şu telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz: +993 12 383273; +99312 383274; +993 383275.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......