Türkmenistanda şu hepde garaşylýan howa maglumaty

  • 19.04.2021 10:53
  • 31k+

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada «Türkmenistan» gazetinde berýän maglumaty:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +27 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +27 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl bolar
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazykgündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +24 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl bolar.
Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 10 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +14 gradusdan +16... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23... +25 gradusdan +30... +32 gradus aralygynda maýyl bolar.

düýn 17:38
4.1k+

Türkmenistanda täze Crops Energy dökünleri peýda boldy

Türkmenistanyň agrar bazarynda täze önüm — ösümlikleriň ähli ösüş tapgyrlary üçin niýetlenen uniwersal Crops Energy dökünleri peýda boldy. Tohumuň gögermeginden başlap, miwe berýän döwrüne çenli bu dökün......

25.03.2026 17:44
5.9k+

«Ýönekeý» Hytaýdan elýeter bahadan harytlary onlaýn sargyt etmegi ýeňilleşdirýär

«Ýönekeý» marketpleýsi Hytaýdan harytlary aňsat, tiz we elýeter bahadan satyn almak üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen bu platforma öýden çykman, onlaýn görnüşde dürli harytlary sargyt etmäge ýardam edýär...

19.03.2026 18:11
3.2k+

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

17.03.2026 17:48
6.3k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...