Täze Zelandiýa «çilim çekmeýän nesli» kemala getirmegiň ugrunda

  • 18.04.2021 14:33
  • 11k+

Täze Zelandiýanyň Hökümeti çilimkeşlige garşy göreş boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny hödürledi. Onuň maksady ýurdy 2025-nji ýyla çenli çilim çekmekden doly azat etmekden ybaratdyr. Meýilnamada, esasan, 2004-nji ýyldan soň doglan şahslara temmäki önümlerini satmazlygy girizmek teklip edilýär. Geljekde çilim çekmek üçin kanunda rugsat berlen ýaşy ýokarlandyrmak hem meýilleşdirilýär. Bu barada euronews.com habar berýär.

Çilim täze zelandiýalylaryň her ýylda 4,5 müňüsiniň aradan çykmagyna sebäp bolýar. Bu ýerde gürrüň, esasan, girdejisi pes derejede bolan ýaşaýjylar barada barýar. Sebäbi ilatyň şol gatlagynyň 20 göteriminde girdejisi ýokary bolanlaryň degişli derejesindäkiden çilim çekýänleriň sany 4 esse ýokarydyr. Umuman, temmäki önümlerini ulanmak ýurtda düwnük keselli adamlaryň her dördünjisiniň aradan çykmagynyň esasy sebäbi bolup durýar. Täze Zelandiýanyň ýarym milliona golaý ilaty gündelik çilim çekýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, her ýylda Ýer ýüzüniň ilatynyň 8 milliony çilimkeşlik sebäpli aradan çykýar. Guramanyň bilermenleri çilim çekýän adamlaryň ony çekmeýänlere garanyňda, COVID-19-y agyr geçirmek ähtimallygynyň ýokarydygyny aýdýarlar. 

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......