Etden ýüz öwürmek b­edene ýaramaz täsir edip biler

  • 17.04.2021 15:42
  • 13k+

Russiýaly berhiz lukmany Anna Belousowa etden doly ýüz öwürmegiň nähili zyýanly bolup biljekdigi barada gürrüň berdi. Hünärmeniň pikiriçe, bu esasan et önümlerindäki kollagen we B witaminleriniň düzümi bilen baglanyşykly diýip, pcnews.ru habar berdi.

"Mysal üçin, kollagen deriniň terligini we çeýeligini saklamaga kömek edýär" diýip, "Zwezda" teleýaýlymy hünärmeniň sözlerini getirýär. Bu belok bolsa, guzy we sygyr etinde köp bolýar. Şuny göz öňünde tutsaň, et iýmekden ýüz öwürmek adam derisiniň saglygyna ýaramaz täsir edip biler.
"Eger-de etden ýüz öwürsek, onda derimiz has çalt garrar. Onsoň oňa hiç hili krem hem haýyr etmez.  Mundan başga-da, diňe bir gök önümler däl, eýsem, haýwan ýaglary hem beden üçin möhümdir"-diýip, Anna Belousowa belleýär.

Belousowa B witaminleriniň bedende köp metabolik prosesleriň kadalaşmagyna gatnaşýandygyny belläp geçdi. Diýmek, etiň ret edilmegi olara hem ýaramaz täsir edip biler.

düýn 07:29
2.5k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......