Ýewropa ligasynyň ýarym final tapgyrynyň jübütleri kesgitlenildi

  • 16.04.2021 17:31
  • 8.5k+

UEFA Ýewropa ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda «Roma» «Aýaks» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk Italiýanyň Rim şäherindäki «Olimpiko» stadionynda geçdi.
49-njy minutda «Aýaksyň» hüjümçisi Braýan Brobbi ilkinji pökgini tora girizdi, «Roma» bolsa 72-nji minutda Edin Jekonyň goly bilen hasaby deňledi. Bu klublaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk «Romanyň» 2:1 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanypdy.

«Romanyň» ýarym final garşydaşy öz meýdançasynda Ispaniýanyň «Granadasyny» ýeňen «Mançester Ýunaýted» bolar. Duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy.
Hasap 6-njy minutda açyldy. «Mançester Ýunaýted» toparynyň hüjümçisi Edinson Kawani gol geçirdi. Duşuşygyň 90-njy minudynda ýer eýeleriniň hüjümlerinden biri Hesus Walýehonyň pökgini öz derwezesine gönükdirmegi bilen tamamlandy. Klublaryň ilkinji duşuşygy hem «Mançester Ýunaýtediň» 2:0 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy.

Beýleki çärýek final duşuşygynda «Willarreal» «Dinamo Zagrebi» 2:1 hasabynda ýeňdi. Ilkinji oýunda ispanlar 1:0 hasap bilen ýeňiş gazanypdylar.
«Willarrealyň» baş tälimçisi Unai Emeri karýerasynda altynjy gezek toparyny Ýewropa ligasynyň ýarym finalyna alyp, tälimçileriň arasynda ýaryşyň rekordyny goýdy.

Ýarym finalda Emeriniň şägirtleri Praganyň «Slawiýasyny» ýeňen Londonyň «Arsenaly» bilen duşuşar. Pragadaky «Eden» stadionynda geçirilen oýunda londonlylar 4:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.
Gollary Nikolýa Pepe (18-nji minut), Aleksandr Lýakazet (dubl, 21 - pen, 77) we Bukaýo Saka (24) tora girizdi. Londonda geçirilen ilkinji oýun deňlikde tamamlandy - 1:1.

Şeýlelik bilen, ýarym final tapgyryň ähli jübütleri kesgitlenildi.
Ilkinji ýarym final duşuşyklary 29-njy aprelde, jogap oýunlar - 6-njy maýda geçiriler. Final duşuşygy 26-njy maýda Polşanyň «Gdansk» stadionynda geçiriler

düýn 14:53
6.7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....