iPhone 12 şu ýylyň başynda dünýäde iň köp satylan smartfon

  • 13.04.2021 11:59
  • 11k+

«Counterpoint Technology Market Research-iň» analitikleri şu ýylyň başynda dünýädäki satuwlaryň esasynda öňe saýlanan iň meşhur on smartfon hakynda belläp geçdiler. Bu barada msn.com habar berdi.

Bellemeli zat, ilkinji onluga Amerikanyň Apple korporasiýasynyň birbada alty sany «iPhone» modeli girdi. Netijede, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda dünýäde iň köp satylan smartfon «iPhone 12» boldy. Ondan soň «iPhone 12 Pro Max», üçünji ýerde bolsa «iPhone 12 Pro» orun aldy. Bu modeller dünýädäki satuwlaryň 15%-ini emele getirdiler.
Iň meşhur «Android» smartfony Redmi 9A bolup, ol reýtingde bäşinji setirden orun ady. Iň köp satylan enjamlaryň ilkinji onlugynyň ahyrky setirinde geçen ýyl çykan «iPhone SE» ýerleşdi.
Hünärmenler bu ýyl 5G smartfonlaryna bolan islegiň hatda 5G ulgamynyň işlemeýän ýurtlarynda-da artjakdygyna ynanýarlar.

düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......