Ýazjak sözüňi birinji harpyňdan çaklap bilýän fiziki klawiatura oýlanyp tapyldy

  • 13.04.2021 13:56
  • 10k+

«CharaChorder» startapy sözleri çalt ýazmaga mümkinçilik berýän fiziki klawiatura döretdi. Ol eýýäm ýekeje düwmä basanyňdan ýazyljak bolunýan sözi çaklap biler diýip, ferra.ru habar berdi.

Oýlap tapyjylaryň aýdyşy ýaly, olar munda saz akkordlarynyň işleýiş prinsipini ulanypdyrlar.  «CharaChorder Lite» klawiaturasy ähli sözleri çalt ýazmak üçin düwme toparlaryndan peýdalanýar.
«CharaChorder Lite» klawiaturasy daşyndan adaty klawiaturalara meňzeýär. Ulanyjylar ýygy-ýygydan ulanylýan sözleri girizmek üçin bir wagtyň özünde üç ýa-da dört düwmäni basyp bilerler. Ýagny, akkordlar ýaly, düwmeleriň utgaşmasy hem aýratyn sözler üçin jogapkärdir. Bu ýagdaýda ulanyjylar öz «akkordlaryny» döredip bilerler. Ulgam, adaty ýagdaýda müňlerçe kombinasiýany öz içine alýar diýip, çeşme habar berýär.

düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......