«Saraý» programmasy howa we demir ýol biletlerini onlaýn satyn almak hyzmatyny hödürleýär

  • 12.04.2021 18:33
  • 94k+

«Saraý» mobil programmasynyň täzelenen görnüşiniň üsti bilen ulanyjylar indi howa we demir ýol biletlerini hem onlaýn görnüşde satyn alyp bilerler.

«Saraý» programmasy 2019-njy ýylda işläp başlady. Söwda we reklama hyzmatlaryndan başga-da, bu programma birnäçe jemagat hyzmatlary üçin hem onlaýn töleg mümkinçiliklerini hödürleýär. Hususan-da, bu programmanyň üsti bilen ulanyjylar «Altyn Asyr», AŞTU-telefon, AŞTU-IPTV, AŞTU-Internet, Telekom-Internet üçin onlaýn tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýär.
Programmanyň täzelenen görnüşinden howa ýol we demir ýol gatnawlary üçin biletlere onlaýn töleg geçirmek mümkinçiligi döredildi. Munuň üçin Google play-den we Appstore-den «Saraý» programmasynyň täzelenen görnüşini mobil telefonyňyza ýükläp almaly. Soňra programmada şahsy hasabyňyzy açyp, telefon belgiňizi girizmeli. Ondan soňra programmanyň baş menýusynda «Onlaýn biletler» bölüminden zerur bolan ulag görnüşine — howa ýol ýa-da demir ýol üçin biletleri satyn almak bolýar. Bilet satyn almak üçin ugrajak ýeriňizi we barmak isleýän ýeriňizi, ýolagçy sanyny, gidiş-gaýdyş zerurlygyny saýlamaly.

Ondan soň programma bellenilen sene aralygynda haýsy wagtlarda uçar ýa-da demir ýol gatnawlarynyň bardygyny habar berýär. Şeýle hem maglumat hökmünde her biletiň bahasy, goşmaça salgyt mukdary, jemi tölegiň möçberi görkezilýär.  Ondan soňra müşderi «Awiabiledi al» ýazga basyp, öz telefon belgisini we «Ýolagçylar» diýen bölümde şahsy maglumatlaryny doldurýar (jynsy, ady we familiýasy, doglan senesi, pasportynyň ýa-da dogluş şahadatnamasynyň belgisi). Soňra müşderi onlaýn töleg geçirmek üçin «Altyn Asyr» kart belgilerini girizmeli we töleg etmeli. Töleg edilenden soň, satyn alnan bilet «Saraý» programmasynda ýatda saklanylýar. Müşderi islese, bileti telefonyna ýükläp hem alyp biler.
Belläp geçsek, bu hyzmat häzirki wagtda howa ýol ulaglary üçin elýeterlidir. Ýakyn wagtda ol demir ýol ulaglary üçin hem elýeterli bolar.
«Saraý» geljekde beýleki jemagat hyzmatlary we ýol hereketiniň bozulandygy üçin jerime tölegleri hem onlaýn görnüşde mobil programmasyndan tölemek mümkinçiligini goşmagy meýilleşdirýär.
Programmany Google play-den we Appstore-den ýükläp alyp bilersiňiz.
Elektron salgysy: https://saray.tm/redirect/app

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......