Şugundyr suwy on günde saglygy berkidip biler

  • 12.04.2021 14:10
  • 28k+

Şugundyr suwy ýürek-damar ulgamynyň we beýniniň işine oňyn täsir edip biler. Bu barada Angliýadaky Exeter uniwersitetiniň alymlaryna salgylanyp, nation-news.ru habar berdi.

Şugundyr suwunyň ýürek-damar ulgamyna we beýniniň işine täsiri käbir himiki maddalaryň beden tarapyndan gaýtadan işlenmegi bilen bagly bolup durýar. Barlagçylar muny subut etmek üçin degişli synag geçirdiler.  Synag 70 ýaşdan 80 ýaş aralygyndaky 26 adamyň gatnaşmagynda on gün dowam etdi.
Özboluşly synaga gatnaşanlar günde iki wagtyna peýdaly nitratlara we witaminlere baý bolan şugundyr suwuny içdiler. Içgi bedende peýdaly bakteriýalaryň derejesini ep-esli ýokarlandyrdy we çişmä sebäp bolýan mikroorganizmleriň sanyny azaltdy.
Barlagyň netijesi, içginiň bary-ýogy on günde agyz boşlugynyň we içegeleriň mikrobiomasyny ep-esli derejede üýtgedip biljekdigini görkezdi. Barlagyň netijelerini işiň baş awtory Anni Wanhatalo yglan etdi diýip, çeşme belledi.

düýn 14:46
2.8k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.5k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....