Smartfonyň aşa gyzmagynyň bäş esasy sebäbi

  • 12.04.2021 09:06
  • 23k+

Aslynda, smartfonyň işleýiş temperaturasy 45 gradusdan ýokary bolmaly däldir. Huawei-iň hünärmenleri şeýle pikir edýärler. Ondan artyk gyzsa, smartfon ulanmak üçin oňaýsyz bolýar.
Işläp duran smartfon näme üçin aşa gyzyp biler? Temperaturanyň artmagyna dürli sebäpler täsir edip biler. TmCars.info internet maglumatlaryna salgylanyp, smartfonyň aşa gyzmagynyň bäş sebäbini size ýetirýär.

  1. «Doýmaz-dolmaz» programmalary ulanmak. Mysal üçin, kamera, wideo aragatnaşyk programmasy, agyr oýunlar. Eger-de smartfonyň korpusy aşa gyzsa, programmany ýapmaly we telefonyň daşlygyny aýryp, bir gapdala goýmaly. Şeýdilende telefon has çalt sowar. Smartfonyňyzy sowadyja ýa-da doňduryja salmaň - onuň içki böleklerine kondensat düşmegi mümkin. Onuň netijesinde telefony gymmat bahadan bejertmeli bolmagyňyz ýa-da wagtyndan öň näsazlyk bilen ýüzbe-ýüz bolmagyňyz ähtimal.
  2. Ýylylygyň ýaýramagyna päsgel berýän aşa galyň daşlyk (çehol) hem smartfonyň temperaturasyna täsir edip bilýär. Artykmaç ýylylyk dörän ýerinden (mysal üçin, arka diwardan) daşary ýaýrap bilmese, onuň başga ýollaryny gözlemeli. Ýogsa netijede, displeý matrisasy ýa-da telefonyň ömrüniň dowamlylygyna täsir edýän beýleki komponentler köýüp biler.
  3. Smartfon ýöne bir stoluň üstünde ýatan wagty hem gaty gyzýan bolsa, zarýady hem çalt azalýan bolsa, munuň zyýanly programmalaryň täsiri sebäpli bolmagy mümkin. Bu ýagdaýda smartfony wirusa garşy barlagdan geçirmek bolar, ýöne bu usul hem hemişe peýda bermeýär. Köp ýagdaýlarda möhüm maglumatlary ätiýaçlandyryp, ähli sazlamalary bes etmeli we smartfonyň sazlamalaryny asyl ýagdaýyna getirmeli bolýar.
  4. Wiruslardan başga-da, fonasty işleýän programmalar hem batareýanyň zaýalanmagyna sebäp bolup biler. Bular dürli "ýat arassalaýjylary", "batareýa monitorlary" we hatda wirusa garşy programmalar hem bolup biler. “Google Play”-den daşary programmalary ulanmaýanlar üçin wirusa garşy programma üpjünçiligini ulanmagyň zerurlygy ýok (diňe internetdäki galp web sahypalary barada duýduryş berýän, subut edilen anti-fişing programmalaryndan başga). Ýat dolandyryjylary we "batareýa tygşytlaýjylary" köplenç düýbünden peýdasyzdyr. Bu ýerde programmalaryň sanawyny öwrenmek we şübheli hem-de köp ulanylmaýan programmalardan dynmak dogry bolar.
  5. Ynha, smartfonyň zarýad alýan wagty gyzmagy welin, bütinleý kadaly zatdyr. Şeýle-de bolsa, hünärmenler enjam zarýadda duran mahaly 3D atyş oýunlaryny ýa-da ýaryşlar ýaly agyr programmalary işletmegi maslahat bermeýärler.
26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......