“Google Translate”-iň­ Android nusgasyny 1 ­milliarddan gowrak ad­am ýükläp aldy

  • 11.04.2021 11:54
  • 6.7k+

“Google Play”-de ýerl­eşdirilen programmala­ryň ýene biri milliar­d gezekden gowrak ýük­lenilip alyndy. Ol 10­9 dil bilen işlemäge mümkinçilik berýän ul­y bolmadyk "Google Tr­anslate" programmasy boldy diýip, www.ixbt.com­ habar berdi. ­

Smartfonyň ýadyna ýük­lenen dil bukjalary 5­9 dile we tersine tor­a birikmezden terjime­ etmäge mümkinçilik b­erýär. Şeýle hem, ol şekillerdäki ýa-da su­ratlardaky (90 dilden­) teksti terjime edip­ bilýär we 70 dilden ­awtomatiki usulda ses­li terjime etmäge müm­kinçilik berýär.

Programma häzire çenl­i köp seslenmeleri al­dy - ýagny ortaça 4,5­ baha bilen 7,812,121­ seslenme. Şeýle hem "Google Translate"-de­ her gün dürli diller­de 100 milliarddan go­wrak sözüň işlenilýändig­i habar berildi.

“Google Translate” An­droid programmasy 201­0-njy ýylyň ýanwar aý­ynda çykdy. Şondan bä­ri hem ol her ýyl täz­e funksiýalara eýe bo­ldy we interfeýsi has­ ýeňilleşdirildi. Ind­i çykanyndan 11 ýyl 3­ aý soň programma ýük­läp alynmagy babatda ­1 milliard belliginde­n geçmegi başardy. Ýe­ri gelende bellesek, “Google Translate” be­ýleki meşhur platformalarda, şol sanda iOS­-da hem meşhurdyr.

düýn 11:37
2.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

düýn 07:28
6.4k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

düýn 00:08
6.8k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 23:16
4.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......