Türkmen lukmanlary böwrek çalyşmak boýunça ilkinji transplantasiýa operasiýasyny geçirdiler

  • 09.04.2021 00:57
  • 26k+

Türkmenistanda ilkinji gezek böwrek çalyşmak operasiýasy geçirildi. Türkmen lukmanlarynyň üstünlikli geçiren bu operasiýasy barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. 

Näsaga ýakyn garyndaşlarynyň biriniň böwregi geçirildi. Häzirki wagtda hem näsag, hem donor özüni oňat duýýar. Ministriň belleýşi ýaly, olaryň ikisi hem lukmanlaryň gözegçiligi astynda saklanýar.
Döwlet Baştutany lukmanlary tüýs ýürekden gutlap, bu amalyň lukmanlar we saglygy goraýyş ulgamy üçin uly üstünlikdigini kanagatlanma bilen belledi - diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

şu gün 07:29
964

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.5k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......