Koronawirus görüşe nähili täsir edýär?

  • 08.04.2021 11:11
  • 11k+

Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Mariýa Petina koronawirus bilen kesellän adamyň görüş ukybynyň peselmeginiň mümkindigini aýtdy. Bu barada Sputnik agentligi habar berdi.

Lukman ýokançlygyň damara düşmeginiň netijesinde görüşiň birnäçe esse ýaramazlaşyp biljekdigini aýtdy. Gynansagam, bu ýagdaý - keselden soň ýüze çykmasy giňden ýaýran meseleleriň biri. Adatça, meseläni anyklamak üçin gözüň tomografiýasy bellenilýär.

"BSGG eýýäm göz myşsalarynyň spazmlaryny, optiki nerwiň işlemegindäki näsazlyklary we retinanyň çişmegini COVID-19 alamatlary hökmünde resmileşdirdi. Bu günki gün biz gözleriň bedeniň "derwezesidigini" we onuň ilkinji nobatda zäherlenýändigini tassyklaýan birnäçe barlaglary geçirýäris" diýip, RIA Nowosti habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, wirus nemli bardada has gowy saklanýar. Haçan-da koronawirus ýokuşanda, gözler "eräp başlaýar". Lukman COVID-19-dan soň köplenç gabaklaryň çişýändigini aýtdy.
Şeýle hem lukman hapa eller bilen gözleri ellemezlige çagyrdy. Keseliň uly bolmadyk alamatlary ýüze çykanda bolsa oftalmolog hünärmen bilen habarlaşmagy maslahat berýär.

düýn 17:46
907

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
1.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.9k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......