Çaýy gyzgynlygyna içmek howplumy?

  • 08.04.2021 11:33
  • 24k+

Lukmanlar gyzgyn çaýy içmegiň saglyk üçin howply täsirlerini aýtdylar. Hünärmenleriň geçiren barlag işleriniň netijeleri «Cumhuriyet» türk gazetinde neşir edildi diýip, iz.ru habar berýär.

Birnäçe ýylyň dowamynda 500 müň adama edilen gözegçilik 65 gradusdan ýokary temperaturadaky gyzgyn çaýy yzygiderli içmegiň gyzylödek rak keseliniň döremek howpuny ýokarlandyrýandygyny görkezdi.
Gastroenterologiýa ugrundan hünärmen, professor Wedat Geral bu onkologiýa keseliniň dünýäde ölümiň altynjy sebäbidigini aýdýar.

«Onuň genetiki esasy bar, ýöne trigger faktorlar hem mümkindir. Geçirilen barlag işlerine laýyklykda, Türkiýäniň gündogarynda, Hytaýda, Gazagystanda, Täjigistanda, Özbegistanda çaýyň ýa-da gyzgyn içgileriň köp içilýändigi sebäpli, gyzylödek rak keseli ýygy-ýygydan ýüze çykýar» – diýip, professor aýdýar.

Eger adam çilim çekýän we alkogol içgilerini içýän bolsa, keseliň döremek howpy ýokarlanýar.

«Eger çilimkeş, köplenç, gyzgyn çaý içýän bolsa, rak keseliniň döremek howpy iki esse, eger alkogol içgilerini hem içýän bolsa, bäş esse ýokarlanýar» – diýip, hünärmen anyklaşdyrýar.

Onuň aýtmagyna görä, temperaturasy sebäpli içgili stakany ele alyp bolmaýan bolsa, çaýy içmeli däldir. Demlenen çaýy içmezden ozal, 3-4 minut garaşsaň gowy. Şeýle-de, gyzgyn içgini sowuk suw bilen garmaly däl. Şeýle endik aşgazanyň baş keseliniň (ýazwa) döremegine getirýär.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......