Gresiýa täze syýahatçylyk möwsüminde dynç aljaklar üçin düzgünlerini mälim etdi

  • 08.04.2021 08:02
  • 5.7k+

Gresiýanyň Syýahatçylyk ministri Haris Teoharisiň aýtmagyna görä, ýurtda täze syýahatçylyk möwsümini eýýäm 14-nji maýdan açmak meýilleşdirilýär. COVID-19-a garşy sanjym derejesi ýokary bolan Ýewropa we käbir beýleki ýurtlar üçin Gresiýa aprel aýynyň ortalarynda açylyp bilner diýip tdnu.ru habar berýär.

Ministr gelýän syýahatçylar üçin bäş sany gorag liniýasynyň hereket etjekdigini habar berýär. Ýagny:
Birinji tapgyr – adamyň koronawirus ýokanjyny eýýäm geçirendigi ýa-da sanjym alandygy barada resminamany bermek. Koronawirus üçin otrisatel PZR barlagy berseň hem bolar.
Ikinji liniýa ýurduň çägine gelnenden soň, hökümet tarapyndan geçiriljek saýlama barlaglaryny öz içine alýar. Goragyň üçünji tapgyry koronawirus ýokanjy üçin položitel barlagy bolanlary derrew izolýasiýa etmekde jemlenýär.
Dördünji liniýa örtükleri dakynmakdan we sosial araçägi berjaý etmekden ybarat. Bäşinjisi, syýahatçylaryň Gresiýanyň hökümeti tarapyndan kesgitlenen ähli çäreleri berjaý etmegidir.
Ýagny, ministr Gresiýanyň raýatlary gorag örtügini dakynmaly bolsa, onda ýurduň myhmanlarynyň hem sanjym edilendigine ýa-da ýokdugyna garamazdan, muny berjaý etmelidigini belledi. Şeýle-de, howpsuzlygy üpjün etmek üçin Gresiýanyň syýahatçylyk pudagynyň işgärlerine hem sanjym ediler.

düýn 09:43
3.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.8k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......