Türkmenistana Eýrandan eksport ýükli wagonlar gelip gowuşdy

  • 06.04.2021 17:30
  • 24k+

Türkmenistanyň Etrek demir ýol menziline Eýrandan eksport ýükli wagonlar gelip gowuşdy. Muny Eýranyň Gorgan şäherinde ýerleşýän 2-nji Demirgazyk-gündogar demirýol liniýasynyň baş direktory Mohsen Etemad aýtdy diýip, Eýranyň Fars News agentligi habar berýär.

Mohsen Etemadyň aýtmagyna görä, goňşy ýurduň ýük wagonlary Eýran — Türkmenistan — Gazagystan demir ýolunyň ugrunda ýerleşýän Inçeburun serhet geçelgesiniň üsti bilen Türkmenistana geldi.

«Nowruz baýramy döwründe Eýran Inçeburunyň üsti bilen Türkmenistana, takmynan, 16 müň tonna haryt eksport etdi» -diýip, baş direktor belleýär.

Ondan öň ol Eýranyň habar beriş serişdelerine beren interwýusynda koronawirus pandemiýasynyň öňüni almak bilen bagly çäreler sebäpli 100 günlük arakesmeden soň Türkmenistanda demir ýol arkaly 220 000 tonnadan gowrak harydyň eksport edilendigini aýdypdy. Şol bir wagtyň özünde, Golestan welaýatyndan eksportyň iň uly paýy 100 000 tonna töweregi sement boldy, ondan soň polat, kafel, hurma, ýuwujy serişde we alma bar.

«Geçen ýylyň 11 aýynda Eýran Türkmenistana, takmynan, 144 000 tonna haryt eksport etdi, ýöne şu ýyl bary-ýogy ýedi aýyň içinde, takmynan, 220 000 tonna haryt eksport etdi» diýmek bilen, baş direktor bu görkezijiniň ýylyň ahyrynda 300 müň tonna ýetjekdigini çaklady diýip, Eýranyň Fars News habarlar agentligi mälim edýär.

Etemadyň pikiriçe, Türkmenistana haryt daşamak üçin häzirki 20 demir ýol wagonlarynyň sany geljekde 30-a çenli artar.

düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......