«Faraonlaryň ýörişi»: Müsüriň gadymy şalarynyň mumiýalary täze muzeýe göçürildi

  • 06.04.2021 08:23
  • 10k+

Kairde 22 mumiýany göçürmek boýunça uly dabara — «Faraonlaryň altyn ýörişi» boldy.

«MIR 24» teleýaýlymy habar berşi ýaly, Müsüriň gadymy şalarynyň balzamlanan jesetleri 1 müň ýyl mundan ozal Kairiň düýbi tutulan gadymy Fustat etrabyndaky Müsür siwilizasiýasynyň täze Milli muzeýine geçirildi. Olar birnäçe onýyllyklaryň dowamynda paýtagtyň merkezindäki Müsüriň milli muzeýinde saklanypdy. Dabarany ýurduň syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi gurady.
Dabaraly ýöriş gün ýaşandan soň başlandy we bäş kilometrden gowrak aralygy geçdi. Esasy ýol Nil derýasynyň ýakasyndan geçipdi. Ýaşy üç müňden gowrak bolan gadymy mumiýaly sarkofaglar ýörite tekerli ulaglarda daşaldy. Olar gadymy gaýyklaryň äheňinde taýýarlanypdy. Jemi 18 faraon we dört şa aýaly geçirildi. Olaryň arasynda Ramzes II, Tutmos III we Seti I bar.
Täze muzeý eýýäm işläp başlady, ýöne myhmanlar mumiýalary birneme soň görüp bilerler. Gadymy şalaryň jesetleri ilki yzgardan, mör-möjeklerden, bakteriýalardan goralar ýaly ýörite otaglara ýerleşdiriler.
Müsürde mumiýalaryň geçirilmegi mynasybetli faraonlaryň altyn ýörişine bagyşlanan ýörite markalar çykaryldy.

şu gün 15:52
806

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
1.8k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
996

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....