Depressiýa adamyň görüş ukybyny ýaramazlaşdyryp bilýär

  • 04.04.2021 23:39
  • 6.1k+

Helsinki uniwersitetiniň psihiatriýa we psihologiýa ugrunyň hünärmenleri depressiw ýagdaýyň görüş ukybynyň hiline ýaramaz täsir edýändigini subut etdiler. Olar munuň beýniniň maglumatlary kodlamak bilen baglanyşykly aýratynlyklarynyň bozulmagy bilen baglydygyny çaklaýarlar. Bu barada goroday.ru habar berýär.
Täze geçirilen barlag işine depressiw bozulmalary we beýleki psihiki näsazlyklary bolan 100-den gowrak adam gatnaşdy. Birnäçe wizual synaglardan soň, syrkawlaryň görkezilen suratlary sagdyn adamlardan başgaça görýändigi anyklandy.
Netijeler gözden geçirilenden soň, alymlar depressiýasy bolan adamlaryň suratlary näsazlygy ýok adamlar ýaly aýdyň görmeýändiklerini, ýöne suratlaryň olar üçin has kontrast (tapawutly) görünýändigini tassykladylar.

“Depressiýasy bolmadyk subýektleriň arasynda kontrast, takmynan, 20% basyldy, depressiýa sezewar bolan hassalar üçin degişli görkeziji, takmynan, 5% boldy” – diýip, Finlýandiýa Akademiýasynyň ylmy işgäri Wilýami Salmela düşündirýär.

Psihiki bozulmalarynyň esasynda ýatan beýniniň işleýşindäki üýtgeşmeleri kesgitlemek, bu näsazlyklaryň ýüze çykmagyna we olary bejermegiň netijeli usullaryny nähili taýýarlamalydygyna has gowy düşünmek üçin möhümdir.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......