“Ýylyň bütindünýä awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi

  • 03.04.2021 08:02
  • 10k+

“Ýylyň bütindünýä awtomobili” (World Car of the Year) bäsleşiginiň guramaçylary bäş kategoriýada finalçylaryň sanawyny neşir etdiler diýip, motor.ru habar berýär.

Esasy “Ýylyň awtomobili” kategoriýasynda Honda e we Volkswagen ID.4 elektrokarlary, şeýle-de Toyota Yaris finala çykdy. Şeýlelikde, mart aýynyň başynda yglan edilen dalaşgärleriň başdaky sanawyndan Audi A3, BMW 2-Series Gran Coupe we 4-Series, Mercedes-Benz GLA, Mazda MX-30, Kia Sorento we K5 çykaryldy.
“Ýylyň şäher awtomobili” nominasiýasynda üç ýapon modeli finalçy boldy: Toyota Yaris, Honda e we Honda Jazz. “Ýylyň baýrakly awtomobili” adyna Land Rover Defender, Mercedes-Benz S-Class we Polestar 2 dalaş edýär. “Ýylyň sportkary” BMW-niň üç modelinden biri – X5 M, X6 M ýa-da M2 CS bolup biler. “Ýylyň dizaýny” kategoriýasynda finalçylaryň sanawyna Honda e, Mazda MX-30 we Land Rover Defender girdi.
Bäsleşigiň netijeleri 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde yglan ediler. Geçen ýylky “Ýylyň bütindünýä awtomobili” bäsleşiginiň ýeňijisi Kia Telluride bolupdy. Ol 758 bal gazanyp, bu görkeziji boýunça iki Mazda modelinden – Mazda3 (745 bal) we CX-30-dan (738 bal) öňe geçdi. 
Ýatlap geçsek, Toyota Yaris şu ýylyň mart aýynda “Ýewropada ýylyň awtomobili” bolupdy. Model ses berişligiň netijesi boýunça, Fiat 500, Cupra Formentor we VW ID.3 ýaly garşydaşlardan üstün çykdy.

şu gün 06:21
2.3k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

düýn 15:25
5.1k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....

16.05.2026 18:14
3.8k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

15.05.2026 17:45
3.8k+

BMW-niň baş direktory Oliwer Sipse wezipeden gitdi

Germaniýanyň BMW awtokonserniniň baş direktory Oliwer Sipse wezipesinden gitdi. Ol bu wezipäni 2019-njy ýyldan bäri eýeläp gelýärdi. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat relizinde habar berilýär....