San-Fransisko, Nýu-Ýork we Moskwa COVID-19-a garşy göreşde innowasiýalar boýunça dünýäde lider boldular

  • 30.03.2021 20:50
  • 12k+

StartupBlink halkara analitiki merkezi tarapyndan düzülen COVID-19-a garşy göreş boýunça innowasiýalar reýtinginde birinji üçlügi degişlilikde San-Fransisko, Nýu-Ýork we Moskwa eýeledi. Bu barada vedomosti.ru habar berýär.

Ilkinji onluga ABŞ-nyň bäş şäheri, şeýle-de Toronto, Tel-Awiw, Seul we Taýwanyň paýtagty Taýbeý girdi.
2020-nji ýylyň mart aýynda StartupBlink innowasion çözgütleriň global kartasyny — dünýäniň dürli şäherlerinde we ýurtlarynda koronawirusa garşy göreşmek boýunça iň gowy tejribeleriň açyk maglumatlar bazasyny döretdi.
Moskwa bu karta özüňi izolýasiýa etmek indeksini we koronawirus üçin barlaglary eltme boýunça «Ýandeks» hyzmatyny, QR-kody bilen sanly ygtyýarnamalary, kowid pnewmoniýasyny anyklaýan emeli intellekti we «Sputnik V» sanjymyny öz içine alýan 46 teklibi goşdy.
Karta yzygiderli täzelenýär we häzirki wagtda ol koronawirusyň öňüni almak, diagnoz goýmak we bejermek, şeýle-de maliýe goldawy, ykdysady dikelişde maglumat we kömek bermek boýunça 40 ýurtdan 1 300-den gowrak innowasiýany öz içine alýar. 

düýn 23:14
2.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....