Geçen hepde Türkmenistanyň biržasynda 60 million dollarlyk geleşik baglaşyldy

  • 28.03.2021 11:23
  • 13k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, nebit bitumyny, gidro arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, az kükürtli mazudy satyn aldylar. Şeýle hem Beýik Britaniýadan, BAE-den we Owganystandan gelen täjirler EСO-93 («Türkmengaz» DK) kysymly awtobenzini, Maltadan gelen işewürler bolsa, polietilen satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Serbiýadan gelen täjirler daşary ýurt puluna buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 60 million dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler bahasy 376 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......