Türkmenistanda şypahanalara ýollamanamalaryň bahalary tassyklanyldy

  • 27.03.2021 13:05
  • 32k+

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalaryň bahalaryny tassyklady. Degişli Karara Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri hem-de bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde seljermeleri geçirdiler.
Geçirilen seljermeleriň dowamynda şypahanalaryň maliýe-hojalyk ýagdaýy we berilýän ýollamanamalaryň bahalary bilen baglanyşykly meseleler öwrenildi. Geçirilen seljermeleriň netijelerine laýyklykda, ýurdumyzda şypahanalaryň maliýe durnuklylygyny pugtalandyrmak, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak maksady bilen birnäçe çäreleri kabul etmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany degişli Karara gol çekdi.

düýn 18:06
3.3k+

Infarkt bilen iş gutaranok: ýüregiň bellibir derejede gutulyp bilýänligi anyklanyldy

Awstraliýaly alymlar infarktdan soň adamyň ýüreginiň täze ýürek myşsalarynyň öýjüklerini emele getirip bilýändigini ýüze çykardylar. Bu, organyň doly dikelmegi diýmek bolmasa-da, şeýle ýagdaýda ýüregiň diňe çat açmak bilen çäklenmeýändigi baradaky möhüm hem teselli beriji täzelikdir...

düýn 15:57
2.2k+

Ýapon alymlary Nipah wirusyna garşy sanjym döretdi: ol aprelde adamlarda synag ediler

Tokio uniwersitetiniň Ösen ylym we tehnologiýa gözleg merkeziniň hünärmenleri Nipah wirusyna garşy sanjym işläp taýýarlady. Nikkei gazetiniň habar bermegine görä, aprel aýynda sanjymyň adamlardaky synagynyň birinji tapgyry başlanar...

düýn 02:24
1.9k+

BSGG mekdep iýmiti boýunça maslahatlary hödürledi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) okuw edaralarynda sagdyn we kadaly iýmitlenişi üpjün etmek boýunça ilkinji gezek ählumumy maslahatlary hödürledi. Gollanma bolup hyzmat edýän täze ýörelgeler çagalarda peýdaly iýmitleniş endiklerini kemala getirmäge we keselleriň öňüni almaga gönükdirilendir...

30.01.2026 11:41
9.2k+

Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär...