Dünýäde meşhur «OK» sözi nähili ýüze çykdy

  • 25.03.2021 17:25
  • 37k+

«OK» aňlatmasyny biz hemişe diýen ýaly ulanýarys, şeýle-de bolsa döwrümiziň iň meşhur sözi barada bilýän zadymyz az bolsa gerek. «OK» sözüniň gelip çykyşy barada, esasan, 5 sany çaklama bar diýip, news.mail.ru belleýär. Ýagny:

1. «O.K.» aňlatmasy ilkinji gezek 1839-njy ýylyň 23-nji martynda «Boston Morning Post» gazetinde ulanyldy diýlip hasaplanylýar. Şonuň üçin «O.K.» 23-nji martda doglan gününi belleýär. Şol döwürde abbrewiaturalar (gysgaltmalar) ýörgünli bolupdyr. Mysal üçin, birnäçe wagtlap «ähli zat ýerbe-ýer», «elbetde», «hemme zat gowy» diýen manylary berýän «all right» sözünden gelip çykan OW gysgaltmasy ulanylypdyr.
«O.K.» aňlatmasy sowatsyzlygyň üstünden gülýän satiriki sütünde peýda bolýar. Bu «ähli zat dogry» diýmegi aňladýan «oll korrekt» diýlip ýalňyş ýazylan (dogrusy: all correct) aňlatmanyň gysgaldylan görnüşidir.
2. Amerikan demokratlary «OK-yň» şeýle gelip çykyşy bilen razylaşman, öz pikirlerini öňe sürýärler. Partiýa wekilleri «OK-yň» klublary «The Democratic OK Club-yň» adyndan gelip çykandygyny tassyklaýarlar. Bu ýagdaýda OK – ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Martin Wan Býureniň doglan Old Kinderhook şäheriniň gysgaldylan ady. Geljekki prezident bu sözi «OK üçin ses ber» diýen çagyryş bilen saýlaw kampaniýasynda ulanýar.
3. 1960-njy ýyllarda dilçi alym Allen Rid bu sözüň gelip çykyşy barada birnäçe garaýyşlary öňe sürýär. Çaklamalaryň birine görä, «OK» ABŞ-da raýatlyk urşy döwründe öndürilen Orrin Kendall goşun kökesiniň hödürlenmegi bilen bir wagtyň özünde meşhur boldy.
4. Şeýle-de, Rid «OK-yň» – «açyk açar» telegraf adalgasynyň gysgalmagyndan gelip çykandygyny çaklaýar. Telegraf açarlary diýlip Morze kod belgilerini ibermek üçin ulanylýan geçiriji gurluşlar atlandyrylypdyr.
5. Dil taryhçylarynyň köpüsi «OK-yň» has gadymydygyny belleýärler we bu gysgaltmanyň ýewropa dilleriniň köpüsinde bardygyny öňe sürýärler. Mysal üçin, grek dilinde «ola kala» – «ähli zat gowy» diýmegi aňladýar, latyn dilinde bu «omnia correcta» sözi bilen aňladylýar, finler bolsa «oikea» – «dogry» diýýärler.

düýn 22:10
2.1k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
2.5k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.3k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

düýn 18:51
6k+

Ýurdumyzda okuwçylara we talyplara smartfon ulanmaga rugsat berilýär, ýöne diňe okuw maksady bilen

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagynyň tertibi tassyklanyldy. Resminama iýun aýynyň başynda Adalat ministrligi......