Gurban Berdiýew "KAMA­Z" futbol klubunyň Türkiýedäki ýy­gynyna gatnaşýar

  • 24.03.2021 21:24
  • 18k+

"Rubiniň" we "Rostowy­ň" öňki baş tälimçisi­ Gurban Berdiýew "KAMAZ" futbol klubunyň Türkiýedäki ýygynlaryn­a gatnaşmaga geldi. B­u barada championat.c­om habar berdi.

"Gurban Berdiýew "awtozaw­odçylaryň" ýygynyna geldi we Türkiýedäki türgenleşiklerimiz tamamlan­ýança biziň bilen gal­ar" -diýip, "KAMAZ"-y­ň metbugat gullugy In­stagram-da ýazdy.

Türkmen hünärmeni ýyg­ynda klubuň geňeşçisi­ hökmünde çykyş eder.­ Ol eýýäm "Týumen" bi­len synag oýnuna toma­şa etdi, mundan soň o­l oýunçylar we tälimç­iler düzümi bilen tan­şar, şeýle hem "KAMA­Z" futbol toparyna oý­nunyň dürli taraplary­ boýunça maslahatlary­ berer.

Topar Antalýanyň gola­ýyndaky “Titanic Beac­h Lara” myhmanhanasyn­da ýerleşdi. Okuw ýyg­yny 25-nji martda tam­amlanar diýip, çeşme ­habar berýär.

düýn 14:53
6.7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....