Toyota awtomobil bazarynda dünýäniň iň gymmat brendi boldy

  • 22.03.2021 17:45
  • 20k+

Ýaponiýanyň Toyota awtomobil brendi Mercedes-Benz-den öňe geçip, dünýäniň iň gymmat awtobrendi boldy diýip, mockva.ru habar berýär.

Toyota kompaniýasy 2020-nji ýylyň iýun aýynda iň girdejili kompaniýa boldy we pandemiýa hem-de izolýasiýa düzgünine garamazdan, önümçiligi ýylda 3 mln awtoulaga ýetirdi. Brendiň bahasy 59,51 mlrd dollara ýetdi. Geçen ýylyň üçünji çärýeginde Ýewropanyň, Demirgazyk Amerikanyň we Ýaponiýanyň awtobazarynda Toyota-nyň satuwy ýokarlandy. 
Iň gymmat markalaryň arasynda ikinji orny Mercedes-Benz eýeledi. Brendiň bahasy 58,2 mlrd dollar. Üçünji orunda Volkswagen ýerleşýär – 47,1 mlrd dollar. Dördünji orunda – 40,42 mlrd dollar görkeziji bilen BMW. Bäşligi Porsche jemleýär. Brendiň bahasy 34,31 mlrd dollar.
Şol bir wagtyň özünde ösüş lideri Tesla markasy boldy. Ol geçen ýyldaky 12-nji ornundan şu ýyl 6-njy orna geçmegi başardy. Kompaniýanyň bahasy 31,91 mlrd dollar boldy. Şeýlelikde, amerikan markasy şu ýyl dünýäde iň çalt ösýän marka boldy. Brand Finance kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl Tesla brendiniň bahasy 12,4 mlrd dollar bolup, bu kompaniýanyň soňky bir ýylda gazanan uly üstünlikleriniň subutnamasydyr.

şu gün 00:37
742

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

düýn 19:03
3.8k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

düýn 17:27
1.6k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

düýn 14:32
1.9k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....