Striming hyzmatlaryna abunaçylaryň sany 1 milliarddan geçdi

  • 21.03.2021 23:34
  • 4.2k+

2020-nji ýylda onlaýn wideo hyzmatlaryna abuna ýazylanlaryň sany dünýäde 1,1 milliarddan geçdi. Ýyllyk ösüş bolsa 26 göterime deň boldy diýip, «BCS Express» habar berýär.

Häzirki wagtda dünýä güýmenje bazary 68,8 milliard dollara ýetdi, bu bolsa 2019-njy ýyldakydan 23 göterim köpdür. Diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda abunaçylaryň sany ýylyň dowamynda üçden bir essä golaý artyp, (32%) 308,6 milliona ýetdi.
Sanly güýmenje bazaryndaky ösüş kinoteatrlaryň ýapylmagy sebäpli dünýädäki kassa ýygymlarynyň azalmagynyň öwezini bölekleýin dolýar.
Pandemiýa sebäpli öz gezeginde dünýä teatry we öý güýmenje bazary geçen ýyl 80,8 milliard dollar bolup, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 18% azaldy.
2020-nji ýylda "Netflix"-iň 200 milliondan gowrak abonenti bardy, ýaňy-ýakynda bolsa “Disneý+”-yň müşderileriniň sany 100 milliondan geçdi.
Holliwud kompaniýalary hem bu däbe eýerip, geçen ýyl has köp serial goýberdiler - ýagny 537 serial surata düşürildi, bu bolsa bir ýyl öňküden 381 birlik tapawut edýär.
Ýurtlarda köpçülikleýin sanjym edilýändigine garamazdan, adamlar kinoteatrlara gitmäge howlukmaýarlar. Şonuň üçin hem kinoteatrlaryň maliýe netijeleri we paýnamalaryň bahalary entek kadaly ýagdaýa gelmedi.

şu gün 13:03
253

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

düýn 10:17
5.3k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

03.06.2026 15:06
4.2k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......