BMG: ýazyň gelmegi koronawirus çärelerini gowşatmak üçin sebäp däl

  • 20.03.2021 23:39
  • 13k+

Demirgazyk ýarym şarda howanyň ýylap başlamagy COVID-19-a garşy göreşde hüşgärligi gowşatmak, örtükden ýüz öwürmek we syýahat etmek üçin sebäp däldir diýip, Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň hünärmenleri duýdurýar. Olar koronawirus pes temperaturada has uzak ýaşaýan bolsa-da, onuň ýaýrama dinamikasynyň, esasan, meteorologiki şertler bilen däl-de, seresaplylyk çäreleri bilen baglanyşyklydygyny belleýärler diýip, news.un.org habar berýär. Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň iş topary howa şertleriniň we howanyň hiliniň COVID-19 pandemiýasyna edýän täsiri baradaky ilkinji dokladyny çykardy. Onda howa we klimat şertleriniň, şol  sanda ýaz paslynda demirgazyk ýarym şarda temperaturanyň ýokarlanmagynyň wirusyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri gowşatmak üçin sebäp däldigi aýdylýar.
Sebäbi pandemiýanyň ilkinji ýylynda ýyly möwsümde we ýyly sebitlerde hem ýokanç tolkunlary bellige alyndy, şonuň üçin munuň şu ýazda we tomusda gaýtalanmazlygyna kepil ýok.
Umuman, dokladda möwsümiň respirator wirusly ýokançlaryň ýaýramagyna täsir edýändigi bellenilýär. 
“COVID-19-a sebäp bolýan SARS-CoV-2 wirusynyň barlaghana gözlegleri wirusyň sowuk, gurak şertlerde we ultrabenewşe şöhlesiniň pes derejesinde uzak ýaşaýandygyny delillendirýän maglumatlara getirdi. Şeýle-de bolsa, bu gözlegler häzirlikçe meteorologiki şertleriň wirusyň ýokuşma depginine göni täsir edýändigini görkezmedi” – diýlip, dokladda aýdylýar.
Deslapky maglumatlara görä, ýaramaz howa hili hem COVID-19-dan ölüm derejesini ýokarlandyrýar, ýöne wirusyň ýaýramagyna täsir etmeýär.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......