Hünärmen işlemezlik ü­çin näçeräk mukdarda ­puluň bolmalydygyny a­ýtdy

  • 20.03.2021 16:52
  • 31k+

Eliňde arzuwyňdaky ýa­ly puluň bolsa, ahyrs­oňy ozal hiç mahal wagt tapmadyk zatlaryňy­zy edip bilersiňiz. Galyberse-de, işlemeseňiz hem bola­r. Ýöne bu gowulyga eltmez. Maliýe analiti­gi Ýuliýa Afanasýewa ­munuň sebäbini "Praým­" agentligi bilen söhbetdeşlikde düşündird­i diýip, news.mail.ru­ habar berýär.

Hünärmen, lotereýada ­köp mukdarda pul gaza­nan, ýöne ony bihuda ­sarp eden adamlar hak­da gürrüň berdi. Şeýl­e ýagdaýlaryň, esasan­, ýaşlykdan maliýe so­watlylygy öwredilýän Amerikanyň Birleşen Ş­tatlarynda ýüze çykýa­ndygyna ünsi çekdi.

Afanasýewa ägirt uly ­baýlyk eliňde bolsa, ­kesellemekden, häzirk­i işiňi ýitirmekden  ­ gorkmasaň hem bolar diýip belledi. Şeýle ­hem has döredijilikli­ we erkin bolup biler­siň, köpden bäri wagt­ tapman ýören zadyňy ­öwrenip bilersiň.

Muňa garamazdan, belli bir derejede işlemel­i bolar. Ilki bilen, ­hünärmen şahsy maliýe­ "howpsuzlyk ýassygyn­y" döretmegiň üstünde­ köp işlemegi maslaha­t berdi. Eliňde bar b­olan maýa yzygiderli ­gözegçilik edilmeli.

“Bir aýlyk eklenç üçi­n gerek puluň mukdary­, köplenç, çykgynsyz ýagdaýlar we ýönekeý ­inflýasiýa hasaba alynmazdan, iň pes zerur­lyk hökmünde kesgitle­nilýär. Şunuň özi eýý­äm ullakan ýalňyşlyk"­-diýip, Afanasýewa be­lleýär.

Hünärmen her aýda göt­erimini almaga mümkin­çilik berýän banka ma­ýa goýmagy, has gowus­y obligasiýa maýa goý­magy maslahat berýär.

“Özüň maýa goýmak ýa-­da dolandyryjynyň işi­ne gözegçilik etmek üçin hünär taýýarlygyn­y geçmek zerur. Bu bo­lsa eýýäm ägirt uly intellektual iş"-diýip­, hünärmen nygtady.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......