R.Meredow gyrgyz kärdeşi bilen gepleşikleri geçirdi

  • 19.03.2021 13:28
  • 3.8k+

18-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylda ýokary derejeli saparlary guramaga aýratyn üns berildi.

Ministrler şeýle-de iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary, şol sanda olary işjeňleşdirmek üçin hünärmen derejesinde duşuşyklary geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Energiýa, ulag we oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegine seredildi. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň duşuşyklaryny yzygiderli geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

düýn 15:15
1.1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.8k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.2k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......