Ilon Mask Tesla-da wezipesini üýtgetdi

  • 18.03.2021 23:39
  • 10k+

Ýakynda Tesla amerikan awtomobil kompaniýasynyň ýolbaşçysy wezipesiniň adyny üýtgetdi. Indi Tesla-nyň baş müdiri resmi taýdan Technoking diýlip atlandyrylýar, muny “tehnokorol” ýa-da “tehnologiýanyň koroly” diýip terjime etmek bolýar diýip, 32cars.ru habar berýär.

Mundan başga-da, Tesla-nyň maliýe müdiri Zak Kirkhorn hem wezipesiniň adyny Master of Coin diýip üýtgetdi, bu hem “Teňňäniň ussady” diýmegi aňladýar. Bu Jorj Martiniň kitaplarynda we meşhur “Tagtlaryň oýny”serialynda oýlanyp tapylan ada meňzeşdir.
 Bloomberg agentligi “Teňňäniň ussady” ady Tesla-nyň ýakynda sanly walýuta satyn almagyna salgylanma bolup biler diýip belleýär. Geçen aý kompaniýa 1,5 mlrd dollarlyk bitkoini satyn aldy we kriptowalýutalary awtomobil üçin töleg hökmünde kabul edip başlajakdygyny aýtdy. 13-nji martda teňňäniň bahasy $60 müňden geçdi.
“Indi Ilon Maskyň we maliýe işleri boýunça müdiriň wezipesi “Technoking of Tesla” we “Master of Coin” diýlip görkezilýär” – diýip, kompaniýanyň wekilleri habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde Mask bilen Kirkhornyň kompaniýadaky ornuny saklajakdygy, ýagny ýolbaşçylykda hiç hili üýtgeşme bolmajakdygy bellenilýär.

düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....