Dünýäde ekizleriň sanynyň has köpelýändigi hasaba alyndy

  • 15.03.2021 20:36
  • 23k+

Derňew dünýäde has köp ekiz çaganyň dünýä inýändigini görkezdi. 1980-nji ýyllardan bäri şeýle çagalaryň sany üçden bir esse köpeldi. Indi dünýä inen her 42-nji çaga ekiz bolýar diýip, ferra.ru habar berdi.

Alymlar munuň birnäçe sebäbiniň bardygyny öňe sürdüler. Birinjiden, köpeliş lukmançylygy has elýeterli boldy. Onuň serişdeleriniň arasynda IVF (in vitro tohumlandyrma), ýumurtgalygy höweslendirmek we emeli tohumlandyrmak usullary bar. Ikinjiden, köp ýurtda adamlar giç çaga dogrup başladylar. Enäniň ýaşynyň ulalmagy bilen, ekizleriň dogulmak ähtimallygy ýokarlanýar diýip hasaplanýar.
"Populýarnaýa mehanikanyň" pikiriçe, ekizleriň sany Ýewropa ýurtlarynda, Demirgazyk Amerikada we Aziýada köpeldi. Mysal üçin, 1980-nji ýyllardan bäri Demirgazyk Amerikada ekizler 71% köp doglup başlady.
Esasan dizigotik ekizleriň, ýagny dürli ýumurtgalykdan bolan çagalaryň sany köpeldi.

 

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......