Türkmenistanda şu hepde garaşylýan howa maglumaty

  • 15.03.2021 18:09
  • 66k+

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +9... +14 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan +7...… +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2... +3 gradusdan +22...+27 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +8...+13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... +5 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... -9 gradus sowukdan +3...+8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1... +4 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.
Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 11 metrden 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -5 gradus sowukdan +8... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1...+3 gradusdan +21... +23 gradus aralygynda maýyl bolar.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......