“Krid 3” sport filminiň premýerasynyň senesi belli edildi

  • 14.03.2021 23:54
  • 10k+

Maýkl B. Jordanyň baş keşbi janlandyran “Krid 3” filminiň premýerasy 2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda geçiriler. Bu barada ComicBook portaly habar berýär. Muny Regnum agentligi ýetirýär.

Filmiň režissýory hökmünde hem Maýkl B. Jordan çykyş eder. Onuň serialyň üçünji bölüminiň režissýory boljakdygy baradaky gürrüňler tassyklandy. Filmiň ssenariýasyny Kinan Kugler bilen Zak Beýlin ýazdy. 
Ýatlap geçsek, “Krid” amerikan boksçysy Adonis Kridiň durmuşy baradaky sport filmleriniň dilogiýasydyr. Olar meşhur “Rokki” franşizasynyň bir bölegi bolup durýar. Täze kartinada üçünji gezek Adonis Kridiň keşbini ýerine ýetirýän Jordandan başga-da, Tessa Tompson bilen Filisiýa Raşad rollaryna gaýdyp gelerler, ýöne franşizanyň muşdaklary “Krid 3-de” Rokki Balbaony görüp bilmezler. Heniz 2019-njy ýylda Silwester Stallone trikweliň surata düşürilişine gatnaşmajakdygyny, muňa derek Rokki barada bir filmiň üstünde işlejekdigini habar berdi. 

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......